Döredijilik bäsleşigi geçirildi
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksadynda geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Döredijilik bäsleşigine şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan çuňňur söýgini açyp görkezýän surat eserlerini hem-de maketlerini, «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini biri-bi