GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ ASYLLY IŞLERI
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti haýyr-sahawat jemgyýetçilik guramasy bolup, öz işini döwletimiziň ähli etraplaryndaky wekilçilikleriniň üsti bilen amala aşyrýar. Jemgyýetimiziň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlarda, hadysalarda ejir çekýän adamlara ilkinji kömek bermek, adamlaryň saglygyny we durmuşyny goramak, ykdysady we durmuş taýdan ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine ýardam bermek hem-de şol barada halkyň arasynda gürrüňdeşlik geçirmek ýaly işlerden ybaratdyr.