"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

500 tonna pile ugrunda

Harman barha beýgelýär «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile goşmagy maksat edinip, tamamlanyp barýan ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken welaýatymyzyň ezber ýüpekçi kärendeçileri şu günlerde ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap, kabul ediş bölümlerine tabşyrmagyň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, olaryň köp sanlysy özleriniň baglaşan şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden gelmek bilen, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky giň gerimli goldawlaryna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler.

Lebaply ýüpekçileriň uly zähmet ýeňşi

Welaýatymyzyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny 18-nji maýda goşa baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilýän şanly senesine gabatlap, üstünlikli berjaý edendikleri barada buýsanç bilen habar berdiler. Ýurdumyzyň kümüşsöw çäjine 1047 tonnadan gowrak Lebap pilesi goşant edildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba zähmetkeşlerine yzygiderli edýän hemaýat-goldawlarynyň we döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde pile tabşyrmak möwsümi uly ruhubelentlik bilen dowam edilýär.

Berk ynam we belent ruh bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär. Obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki binýadyny ýokarlandyrmaga we oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny kuwwatlandyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan täze, döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary satyn alynýar. Bu bolsa zähmetkeş daýhanlaryň işlerini has-da ýeňilleşdirip, olaryň ene ýerden bol hasyl almaklaryna uly itergi berýär.

Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

Bol hasylyň aladasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny düýpli galkynyşa eýe edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp zähmet çekýän welaýatymyzyň kärendeçileri, mülkdarlary öňde duran galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzyň ekerançylary geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekip, dänäniň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar üstümizdäki ýylda şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny almagy maksat edinýärler. Idegi ýetirilýän bugdaýly meýdanlar daýhan azabynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Ýazlary hereket bilen...

Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň: «Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,//Bereketli gelsin tylla güýzüňiz» diýen gyzyla gaplaýmaly hoş niýetli arzuwynyň asyl manysyna dogry düşünýän ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň ähli işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ony gaýtadan işläp, bazarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden, şu ýyl geçen ýylkydan artyk önüm öndürmeli. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaly» diýen pikire uýýarlar. Oba hojalygynda toplanan baý tejribäni ylymda gazanylan täzeliklerdir üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barmagy özlerine baş ýörelge edinen Mary welaýatynyň ussat kärendeçileri möwsümleýin işleriň her birine irgözinden girişýärler. Olar şu ýylyň bugdaý hasylynyň ekişine hem 2023-nji ýylyň güýzünden, irki möhletde girişdiler. Gallaçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän, kesellere durnukly, ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, yzgar, ösüş suwunyň, mineral we organiki dökünleriň, agrotehniki talaplara laýyklykda öz möhletinde berilmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagy ýer eýeleriniň ekiş geçiren meýdanlaryndan kadaly gögeriş gazanm

Ýüpekçiler pellehanada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak piläni bol kemala getirip, bu gün arzyly sepgidi eýelän Lebap welaýatynyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Watanyň pile çäjine 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile goşmagy başaran gaýratly ýüpekçiler beren sözlerinde abraý bilen tapyldylar. Bary-ýogy bir aýdan sähel gowrak wagta çeken ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi örän gyzgalaňly geçdi. Ýüpekçiler möwsümiň ilkinji gününden uly aladalar bilen gurşalyp alyndy. Olara ähli babatda degişli kömek-goldaw berildi. Gurçugyň esasy iýmiti tut ýapraklarynyň ýeterlik bolmagy üçin öňki we täze ekilen tut agaçlarynyň irgözinden düýbi ýumşadylyp, dökünläp suwarmak ýaly işler geçirildi. Aýratyn-da, ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyndaky agaçlara şol ýerlere eýelik edýän kärendeçileriň kömegi bilen gowy ideg edildi. Ine, şeýle aladalaryň, galyberse-de, yzygiderli ýagan ýagyş-ýagmyryň netijesinde, tut agaçlary gowy ýapraklady. Welaýatyň gündogar sebitinde tut ýapraklary has ir ýetişdi. Bu bolsa Kerki, Köýtendag, Halaç etraplarynyň ýüpekçilerine gurçugy irki möhletlerde idedip başlamaga mümkinçilik berdi. Şunuň hasabyna kerkili ýüpekçiler bu baradaky meýilnamasyny welaýatda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 85 tonnadan gowrak pile taýýarlady. Goňşularynyň yzysüre Halaç etrabynyň ýüpekçilerem 147 tonna pile alyp, öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. Etrabyň «Çohpetde», Jumaguly Mähremow, Magt

Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bosagada galla oragy möwsümi. Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak iň möhüm we jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaý hasylynyň doly bişiş döwri başlandan soň, 5 – 6 günüň dowamynda ýygnalyp alynsa, däne ýitgisi az bolýar. Ýygym näçe uzaga çekdirilse, şonça-da ýitgi köpelýär. Köp maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň orulsa, hatda dänesi dökülmezek, sypaly berk sortlaryň hem däne ýitgisi azyndan gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Hasylyň ýitgisi mehaniki, fiziologiki, ýygyjy maşynlar hem-de hasyly daşamak, dänäni ilkinji gezek gaýtadan işlemek bilen bagly ýüze çykýar.

Pileçiler höweslendirildi

Bäherden etrabynda ýüpekçilikdäki häzirki jogapkärli möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ýüpekçileri 521 guty ýüpek gurçugyny degişli talaplara laýyklykda idetmek arkaly taýýarlanan piläniň ilkinji kilogramlaryny kabul ediş kärhanasyna tabşyryp başladylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde uly zähmet üstünligine beslemegi maksat edinýän etrabyň ýüpekçi kärendeçileri şanly ýylda çig piläniň 19 tonnasyny taýýarlamaga borçlanýarlar. Olaryň şu günlerki çekýän yhlasly zähmeti bu babatda meýilnamalaryna hötde geljekdigine ynamy artdyrýar.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragy möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin etrabyň gallaçylary 30 müň gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirýärler. Däne ekilen meýdanlardan 60 müň 700 tonna bugdaý almagy meýilleşdirýän gallaçylar orak möwsümini guramaçylykly başlap, gysga möhletde tamamlamagy gazanmagy maksat edýärler. Möwsümde däne orujy kombaýnlaryň 63-sini işletmek göz öňüne tutulýar. Kombaýnlary netijeli işletmegi, ýygnalan hasyly kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamagy üpjün etmek barada häzirden etrap häkimliginiň, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, galla kabul ediş kärhanasynyň, beýleki ugurdaş kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýüpekçilik

Ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstümizdäki ýylda işlerimiziň rowaçlyga beslenip, ýurdumyzyň ösüşlere eýe bolmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Ýüpekçilik

Armalary ýetirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige hem aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri hem bereketli pile hasylyny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezýärler.

Ekine yhlas siňdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň “ak altyn” ussatlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 21 müň 900 gektarda gowaçanyň bol hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu asylly maksat oba zähmetkeşlerini gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag ýaly şu günüň möhüm çärelerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaga ruhlandyrýar. Häzirki günlerde ýer eýeleriniň, pagtaçy kärendeçileriň her biri gowaçanyň ideginde yhlasly zähmet çekýär. Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda ekiniň ideg işleri has göwnejaý alnyp barylýar. Ideg işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Kümüşsöw piläniň ilkinji tonnalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda oba hojalygynyň ähli ugurlaryny oňyn görkezijilere beslemek hyjuwy bilen işleýän Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri ýokary hilli çig piläni taýýarlamakda hem tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasynda ýüpekçilerden gelip gowuşýan kümüşsöw baýlygyň ilkinji tonnalary olaryň maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar. Ýeri gelende, gökdepeli ýüpekçileriň pile taýýarlamakda baý tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Üstümizdäki şanly ýylda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işiniň tejribeli pileçilere ynanylmagy — üstünlikleriň kepilidir. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenler ýerlerde bolup, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdylar, ýüpekçiler bilen iş üstünde duşuşdylar we özara pikir alyşdylar.

Bagban bagyndan belli

Bahar pasly bu barlyga özgerdiji täsirini ýetirýär. Üstümizdäki ýylyň ýazy bolsa has bereketli geldi: ygal köp ýagdy, howa maýyl boldy. Şahandaz paslyň jadyly demi, ylaýta-da, baglarymyzyň berekede beslenmegine ýardam berdi. Baglarda sahawatly topragymyzyň bezegi bolan datly miweler bolluk bilen ýetişdi. Munuň şeýledigine Tursunbaý Ýusupowyň eýelik edýän miweli bagynda bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Ol Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynda tejribeli bagban hökmünde tanalýar. «Bagbany bagyndan tana» diýleni. Her düýbüne yhlas siňdirseň, baglary mähir-muhabbet bilen gurşap alsaň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Tursunbaýyň eýelik edýän 7 gektar meýdany eýeleýän bagynda erikden başga-da alma, şetdaly, ülje daragtlary hem bol hasyllanýar. Bagban bize bagynda ilkinji bolup erikleriň köpçülikleýin bişip ýetişendigini, indi olary ýygmak we ýerlemek işleri bilen meşgul bolýandygyny gürrüň berdi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Yhlasly zähmet Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly sözlerini dillerinde sena edinýän oba zähmetkeşleri üstümizdäki ýyly guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda aladalanýarlar. Şu günler welaýatymyzda galla oragyna taýýarlyk, şeýle hem iki gulak bolup çykan gowaçalara ideg etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr

BEREKET TYGŞYTLYLYKDAN BAŞLANÝAR Hormatly Prezidentimiz ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp meseläniň çözgüdine gönükdirilen wezipeleri öňde goýýar. Şu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi zerur harajatlary we ýadawsyz aladalary talap edýär. Sebäbi, arassa agyz suwy bellenilen kada laýyk getirilip, sarp edijilere ýetirilýänçä köp çykdajylar edilýär we irginsiz zähmet çekilýär. Bu ýagdaýy aýtmak bilen, biz arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmagy nygtamakçy bolýarys.

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň, daýhanlar üçin döredýän oňaýly şertleriniň netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň bugdaý meýdanlarynda bereketli hasyl kemala getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Golaýlap gelýän şeýle jogapkärli möwsüme Akdepe etrabynyň bu ugra dahylly edara-kärhanalarynda, daýhan birleşiklerinde hem ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, bu ýerde bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalary, galla kabul ediş bölümlerindäki şertleri, ekin meýdanlarynyň töwereklerini gözden geçirmek, kemçiliklerini düzetmek boýunça derwaýys çäreler göwnejaý amala aşyrylýar.

Oba hojalygy

Yhlasly zähmetiň netijesi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýän Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty Döwlet birleşiginiň welaýat bölüminiň agzybir maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda bölümiň hasabynda bar bolan 31074 ene dowardan 25886-a derek 26986 sany owlak-guzy öndürilip, meýilnama 104,2 göterim, 1799 ene düýeden 810 sany köşek alnyp, meýilnama 100 göterim berjaý edildi.

Kadaly ideg — bol hasyl

Zähmetiň joşýan ýerinde Welaýatymyzda şu ýyl 13 müň gektar ýerde gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekilip, ondan oňat gögeriş gazanyldy. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, gögeriş we ösüş suwlaryny öz wagtynda tutmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň bol hasylyň gözbaşydygyna oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler şonça meýdandan 16 müň tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler.