Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

21 Maý 2024
394

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bosagada galla oragy möwsümi. Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak iň möhüm we jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli.

Bugdaý hasylynyň doly bişiş döwri başlandan soň, 5 – 6 günüň dowamynda ýygnalyp alynsa, däne ýitgisi az bolýar. Ýygym näçe uzaga çekdirilse, şonça-da ýitgi köpelýär. Köp maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň orulsa, hatda dänesi dökülmezek, sypaly berk sortlaryň hem däne ýitgisi azyndan gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Hasylyň ýitgisi mehaniki, fiziologiki, ýygyjy maşynlar hem-de hasyly daşamak, dänäni ilkinji gezek gaýtadan işlemek bilen bagly ýüze çykýar.

Halapberdi ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.