"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirildi

Galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň uly topary Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň wekilleri möwsümiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde gallaçylaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjy zähmetkeşleri höweslendirip durýarlar. Gallaçylar bilen iş üstünde, şeýle-de meýdan düşelgelerinde guralýan duşuşyklaryň barşynda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti, mukaddes baýlygy meýdanlardan gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigi barada gürrüň edildi. Ýakynda etrabymyzyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ak bugdaýly meýdanyndaky we meýdan düşelgesindäki duşuşyklar ýakymly täsirlere beslendi. Şonda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy Maşad Maşadow öňdebaryjy gallaçylaryň birnäçesine ýörite sowgatlary gowşuryp, olara zähmet üstünligini arzuw etdi.

Meýdan düşelgesindäki dabara

Sarahs etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medenýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçilik toparynyň meýdan düşelgesinde zähmet adamlaryny zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmak, häzirki jogapkärli möwsümi çalt, ýitgisiz alyp barmak we gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi. Gallaçy kärendeçileriň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň hem-de kombaýnçylaryň gatnaşmagynda bolan dabarada dili senaly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, gallaçylara möwsümi guramaçylykly alyp barmak we ajaýyp zähmet üstünligini gazanmak bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Milli ruha beslenen aýdym-sazlarda zähmet adamlaryň waspy eriş-argaç bolup geçdi.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.

Päk zähmetiň joşguny

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden baýram ediljek ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daýhanlary, ýer eýeleri häzirki günlerde dowam edýän galla oragynda tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň ak ekin ussatlary bugdaý ýetişdirilen 42 müň 400 gektaryň hasylyny ýitgisiz ýygnamak hyjuwy bilen irginsiz zähmet çekýärler. Sahawatly toprakdan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýan janypkeş daýhanlaryň şu şanly ýyldaky yhlas-azabynyň ýerine düşendigini giň gözýetime uzap gidýän dokmaňyz ak bugdaýly meýdanlar hem subut edýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowanyň aýdyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly has bitginli boldy. Amatly howa şertleri, ýagynly günler, talabalaýyk geçirilen agrotehniki çäreler we daýhanlara döwlet tarapyndan berlen goldaw-hemaýatlar topragyň bol hasyl eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Orak möwsümine göwnejaý taýýarlyk bilen girişilmegi we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy aýry-aýry daýhan hojalyklarynyň we gallaçy kärendeçileriň tabşyryga irki möhletde hötde gelmegine şert döretdi. Möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme», «Arzuwlara ýeten», «Kärendeçi gyzlar» daýhan hojalyklaryny agzamak has-da ýakymly. Bu hojalyklarda, esasan-da, bugdaýyň «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» ýaly görnüşleri ekilip, ýetişdirilen

Rysgal-berekediň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçen hepdäniň anna güni guramaçylykly başlanan bugdaý oragy barha ýokary depgine eýe bolup, gyzgalaňly dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki wagtda bereket-bolçulygyň nyşany bolan galla hasylyny bellenilen möhletlerde, çalt we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Welaýat boýunça bugdaý oragyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Babamyrat Täşliýewiň ýerlerinde badalga berildi. Halal zähmet çekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeler gazanýan gallaçy daýhan 15 gektara barabar ýerinden ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, orak möwsüminiň başlanan gününde şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi.

Daýhanlary galkyndyran buýsançly waka

Ir döwürlerden bäri baý ekerançylyk medeniýetiniň mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda ýetişdirilen azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda joşgunly zähmetiň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi gallaçy daýhanlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz saparynyň barşynda welaýatymyzyň gallaçylarynyň alyp barýan işleri, halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde gazanýan üstünlikleri, bugdaýyň hasyllylygy, daýhanyň ýakyn ýardamçylary bolan oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçiligiň ýagdaýy bilen tanyşmagy ýer eýeleriniň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny depginli ösdürmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi doganlar bilen duşuşyp, olar bilen bolan özara söhbetdeşliginiň çuňňur mazmunynda hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky aladalar mynasyp beýanyny tapdy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar baradaky aladalary, olar

Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

Giň Meýdanlardaky joşgunly zähmet Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan gallaçylygy ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan welaýatymyzyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyryp, onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, şondan bäri geçen döwrüň dowamynda ekin meýdanlarynda ýadawsyz iş alyp bardylar. Olaryň uzak wagtlap çeken zähmeti özüniň guwandyryjy netijelerini hem berdi. Munuň şeýledigini şu günlerde bugdaý meýdanlaryndaky bereketli hasyldan, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere ähli gujur-gaýratyny gönükdirýän gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanýan üstünliklerinden hem görmek bolýar.

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, giň goldawlary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etdirilmeginde, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki binalaryň we desgalaryň  ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmeginde gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlary bardyr. Çünki olar  gurluşyk üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini ýeterlik derejede öndürmek hem-de bellenen ýerlere ugratmak bilen, şeýle netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler. Bu babatda welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem häzirki dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işleri amala aşyrýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatymyzyň çäklerinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki desgalara niýetlenilen gurluşyk önümlerini ýokary hilli öndürmek bilen, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler.

Oba hojalygy

Gowaça bejergisi güýçli depginde Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda 1360 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Häzirki günlerde şol ýerlerde endigan ösýän gowaça düýplerine ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Netijede, her günde birleşik boýunça 30 — 40 gektar meýdanda hatararasyny ýumşadyp, gapdallaýyn iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak ýaly çäreler ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda tejribeli kärendeçilerden Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow, şeýle hem mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow dagynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.

Pellehanada — öňdebaryjylar

Welaýatymyz boýunça döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edýän daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň sany günsaýyn köpelýär. Saýat etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup mähriban Watanymyzyň bugdaý çäjine galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri 1170 gektar meýdanda eken bugdaýyndan 3266 tonnanyň ýerine 4266 tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.

Eklenjimiz ene toprak

Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Geçen ýyllarda diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk maksatly

Ýeralmanyň bol hasyly

Welaýatymyzyň ekerançylary 1400 gektar meýdanda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmadan 19600 tonnanyň ýerine 20 müň tonna golaý hasyl ýygnap, bu boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýeralma ekilen meýdanlaryň her gektarynyň hasyllylygynyň meýilleşdirilen 140 sentnerden hem ep-esli geçmegi daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýene-de üstünlikli dowam etdirilýän oba hojalyk özgerişlikleri pudagyň önüm öndürijilik ukybyny mese-mälim ýokarlandyrýar. Netijede, zerur bolan önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygy doly üpjün edilýär. Ilatyň saçagyna azyklyk we beýleki ter önümler yzygiderli gowuşýar. Ýeralmanyň uly möçberdäkisiniň ýygnalmagy hem hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen gol çeken möhüm Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Galla — 2024

Daýhanlaryň armaçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň galla oragy möwsümi barha gyzyşýar. Ýetişen hasyly öz wagtynda çalt we yrýasyz ýygnamak üçin ähli güýçler herekete girizildi. Işleriň sazlaşykly guralmagy bilen Watan harmanyna tabşyrylýan guşgursak dänäniň mukdary gün geçdiksaýy artýar.

Baýramalyda bir bag bar...

(Oçerk) Bagyň bagbany bolmasa, bitmejegi düşnükli. Ýöne bagyň bagdan tapawutly bolşy ýaly, bagbany-da bagbandan saýlaýan tär-gylyk, işe çemeleşiş, zähmet usuly bar. Mary welaýaty bag-bakja gezek gelende, köpe nusga bolup biljek bagbanlary bilen belli. Şol däp-düzgün häzirem ýörgünli. Ynha, gadymy kitaplarda, gulak gerdirýän dessanlarda, goşgy-gazallarda «Zemin üstündäki Erem bagy» diýlen gözelligi döredýän ussatlar hakynda gürrüň gozgalsa, Murgap jülgesiniň aglaba ýerinde: «Baýramala baryň, Döwletjan bagban bardyr!» diýler.

Ýaýlanyň ýaraşygy

Ýurdumyzyň maldarçylyk hem-de guşçulyk pudagyny ösdürmek, iri we ownuk şahly mallardan bol önüm almak, halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal etmekde Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda netijeli işler amala aşyrylýar. Dowarlardan owlak-guzy almakda maldarçylyk hojalygynyň çarwadarlary egin-egne berip zähmet çekmegiň hasabyna oňat netije gazanmagy başarýarlar. Hojalygyň ýolbaşçy düzümi bilen bilelikde maldarçylyk bölümleriniň dowardarlarynyň arasynda saparda bolanymyzda, dowarlardan owlak-guzy almak baradaky tabşyryklaryny abraý bilen berjaý edendiklerini, häzirki wagtda mallary sonarda bakýandyklaryny gürrüň berdiler. Hojalygyň maldarlary jemi 255 müň 550 baş dowary dok we ýyly gyşladypdyrlar. Owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirip, mallardan sagdyn owlak-guzy almak üçin Pendi ýaýlasynyň günorta-gündogar künjegindäki öri meýdanlaryny saýlapdyrlar. Bu bolsa olaryň yhlasynyň myrat tapmagyna getiripdir. Çopanlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 103 müň baş ene dowardan 100 müň 674 sany sagdyn owlak-guzy alyp, olaryň agramly bölegini ösdürime goýberipdirler. Şeýlelikde, dowarlardan owlak-guzy almakda bellenilen sepgide ýetildi. Bu işde hojalygyň «Azatlyk», «Ýaşlyk» maldarçylyk bölümleriniň merd

Işler utgaşykly alnyp barylýar

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginiň kärendeçileri etrapda oba hojalyk işleriniň ählisinde öňdeligi saklaýarlar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda daýhan birleşigiň kärendeçileri 420 gektar ýerde bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Daýhan birleşigi boýunça 650 gektar ýerde ekilip, endigan gögeren gowaçalara otag, hatarara bejergi işleri ýokary depginde utgaşykly alnyp barylýar. Hatarara bejergi işlerinde daýhan birleşigine degişli bolan oba hojalyk tehnikalarynyň 3-si işledilýär. Bu tehnikalara Nurmyrat Durdyýew, Arazmuhammet Sarytaýew, Jumabaý Rejepow ýaly mehanizatorlar erk edýärler. Hatarara bejergi işleriniň geçirilmegi gowaça düýplerini ýumşatmakda, ýeriň yzgaryny saklamakda, haşal otlardan saplamakda uly ähmiýete eýedir. Bu möhüm agrotehniki işi öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge uly üns berilýär. Her gün 25 – 30 gektar ýerde hatarara bejergi işi geçirilýär. Göreldeli kärendeçilerden Arazberdi Jumabaýew, Bazarbaý Rejepow, Jumadurdy Sarybaýew has-da tapawutlanýarlar. Olaryň göreldesine eýerip, beýleki kärendeçiler hem otag, hatarara bejergi we beýleki ideg işlerini barha ýokary depginde dowam etdirýärler. Ideg işleri kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar kadaly boý alýarlar.

Çäjiňize bereket, gallaçy daýhanlar!

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji maýynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň azyk bolçulygyny ýokarlandyrmakda saldamly goşant goşýan gallaçy daýhanlara nobatdaky orak möwsümine başlamak barada ak pata berdi. Şonda 14-nji iýunda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bugdaý oragyna girişmek barada hem bellenildi. Döwlet baştutanymyzyň beren ak patasyndan ruhlanyp, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň gallaçy daýhanlary hem bugdaý oragyna gyzgalaňly girişdiler. Hudaýberdi MÄMMEDOW,«Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň Bereket awtotoplumynyň sürüjisi:

Talabalaýyk ideg edilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bazarlarymyzy özümizde ýetişdirilen miwe, bakja we gök önümler bilen üpjün etmegi oba hojalyk pudagynyň öňünde esasy wezipe edip goýýar. Halal zähmete ýugrulan edermen daýhanlar bereketli topragymyza gözleriniň göreji deýin garap, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda esasy azyklyk önümler bolan ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Welaýat boýunça şu ýyl 1 müň 600 gektar ýerde ekilen ýeralmadan 22 müň 400 tonna hasyl alyndy. 1 müň 100 gektar ýerde ekilen sogandan bolsa 27 müň 500 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şu günler sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu möhüm işler welaýatyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda guramaçylykly ýola goýlupdyr. Çekilýän yhlasly zähmet kärendeçileriň boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.

Ýe­ral­ma­ny to­mus ek­me­giň müm­kin­çi­li­gi

Ýurdumyzda ýeralmanyň öndürilişini artdyrmak üçin häzire çenli doly ulanylmaýan amatly mümkinçilikleriň biri ony tomus ekip, bir möwsümde iki hasyl almak usulydyr. Bu usuly ulanmaga ýurdumyzyň toprak-howa şertleri mümkinçilik berýär. Sebäbi sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli ýeralmanyň ösmegi üçin amatly bolýar. Ýeralmanyň «Sedow» sortuny ilki ýaz ekip, gektardan 254 sentner, soňra geçen ýylyň tohumlyk ýeralmasyny tomus ekip, gektardan 257 sentner hasyl alyp bolýar. Aralyk ýetişýän sortlary täze tohumlyk ýeralmadan tohumlyk ekilende hem gowy hasyl berýär. Geçen ýylky we täze ýeralmadan tohumlyk serişdelerini taýýarlap, özümize gerek möçberde öndürip bolýar. Tohumlyk ýeralma giçlik ekilýän möhletlerine çenli ýönekeý şertlerde saklanyp, olary tomusda ekmek üçin ulanyp bolýar. Ýeralmany bir möwsümde iki gezek ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bolup, ony ilki ir alabaharda ekip, bir hasyl alynýar. Soňra şol täze hasyldan tohumlygyny saýlap alyp, iýul aýynyň ahyrynda, awgust aýynyň başynda ikinji gezek ekilýär we noýabr aýynda hasyl alynýar. Ol joýalaryň arasyny 80 santimetr goýup, keşleriň bir gyrasyna ekilýär we keşleriň galan topragy bolsa tommaklamak üçin ulanylýar. Şeýle usul bilen ýylda her gektardan jemi 30 — 36 tonna ýeralma hasylyny alyp bolýar. Tohumlyk ýeralmany şineletmek dürli usulda geçirilýär. Ol usullardan biri ýeralma saklanýan jaýda 0,5 — 0,7 galyňlykda

Gal­lam bar — tyl­lam bar

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin gal­la ora­gy­na gi­ri­şil­di. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan oba ho­ja­lyk ulag­la­ry­ny il­kin­ji ze­rur bo­lan ýan­gyn sön­dü­riş se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edip, ola­ryň tüs­se çy­kar­ýan ab­zal­la­ry­ny uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryp, ýan­gyn howp­ly çäk­le­re gi­ren­le­rin­de tüs­se çy­ka­ra da­kyl­ma­ly. Uç­gun sön­dü­riş en­jam­la­ry öz wag­tyn­da gu­rum­lar­dan aras­sa­la­nyp du­rul­ma­ly. Gal­la ora­gy­na gat­naş­ýan teh­ni­ka­la­ryň du­ral­ga ýe­ri­ni, teh­ni­ki hyz­mat et­mek, ýan­gyç guý­mak ýa-da keb­şir­le­ýiş en­jam­la­ryn­dan peý­da­lan­mak işi­ni ha­syl­ly meý­dan­dan 100 metr ara­daş­lyk­da ýer­leş­di­rip, şol ýer­le­riň daş-tö­we­re­gi sü­rül­me­li.