Ýaýlanyň ýaraşygy

19 Iýun 2024
380

Ýurdumyzyň maldarçylyk hem-de guşçulyk pudagyny ösdürmek, iri we ownuk şahly mallardan bol önüm almak, halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal etmekde Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda netijeli işler amala aşyrylýar. Dowarlardan owlak-guzy almakda maldarçylyk hojalygynyň çarwadarlary egin-egne berip zähmet çekmegiň hasabyna oňat netije gazanmagy başarýarlar. Hojalygyň ýolbaşçy düzümi bilen bilelikde maldarçylyk bölümleriniň dowardarlarynyň arasynda saparda bolanymyzda, dowarlardan owlak-guzy almak baradaky tabşyryklaryny abraý bilen berjaý edendiklerini, häzirki wagtda mallary sonarda bakýandyklaryny gürrüň berdiler. Hojalygyň maldarlary jemi 255 müň 550 baş dowary dok we ýyly gyşladypdyrlar.

Owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirip, mallardan sagdyn owlak-guzy almak üçin Pendi ýaýlasynyň günorta-gündogar künjegindäki öri meýdanlaryny saýlapdyrlar. Bu bolsa olaryň yhlasynyň myrat tapmagyna getiripdir. Çopanlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 103 müň baş ene dowardan 100 müň 674 sany sagdyn owlak-guzy alyp, olaryň agramly bölegini ösdürime goýberipdirler. Şeýlelikde, dowarlardan owlak-guzy almakda bellenilen sepgide ýetildi. Bu işde hojalygyň «Azatlyk», «Ýaşlyk» maldarçylyk bölümleriniň merdana çopanlary has-da tapawutlandylar. Hojalygyň ýolbaşçysy Parahat Esenow we beýleki hünärmenler 1 müň 136 ene goýundan 1 müň 155 guzy almagy başaran Aganur Rozyýew, 1 müň 137 ene goýundan birme-bir guzy almagyň hötdesinden gelen Rejep Ataýew hem-de gözegçiligindäki 1 müň 182 baş ene goýundan şonça guzy almagy başaran Bagtyýar Berdiýew ýaly ussat çopanlaryň atlaryny dillerinden düşürenoklar.

Seýitmyrat ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.