"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Saglygymyz öz elimizde

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

«Galkynyş» ― ýaryşyň ýeňijisi

Welaýat köpugurly sport toplumynda geçirilen «Sagdyn maşgala – sagdyn nesil» atly telebäsleşik ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek, olary sporta çekmek maksadyna eýe boldy. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşige ýaş maşgalalar gatnaşdylar. Bäsleşige sekiz we şondan köp çagaly maşgalalaryň birnäçesiniň gatnaşmagy onuň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Oňa Türkmenabat şäherinden «Agzybirlik», Çärjew etrabyndan «Watan», Dänew etrabyndan «Galkynyş», Saýat etrabyndan «Ruhubelentlik» ýaly toparlar gatnaşdylar. Olar sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda Dänew etrabynyň «Galkynyş» topary birinji ýere mynasyp boldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Durdaý Egemberdiýewanyň we Abdulla Hamraýewiň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy.

Bilelikde göreşmek ― saglygymyzy gazanmak

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri welaýatymyzyň saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Tejribeli hünärmenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, ýatgy boýunjygynyň täze döremelerine garşy göreşmegiň, onuň öňüni almagyň has netijeli bejergini geçirmäge hem-de saglygymyzy goramaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Möwsüm üçin möhüm maslahatlar

Kyrk tüýsli häsiýete eýe bolan gyş paslynda möwsümleýin ýokanç kesellerden ägä bolmalydyr. Onuň üçin jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Maşgalaňyzda ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bar bolsa, haýal etmän, lukmana ýüz tutmaly. Diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenilen bejergini kabul etmeli. Burçly  unaşy içmeli.

Saglygyň goragynda

Biz ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almaklyga bagyşlanan düşündiriş işleri bilen bir hatarda zerurlygy ýüze çykan ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwretmek, adamlaryň bu ugurdan başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly meseleleri öz içine alýan okuw maslahatlaryny geçirýäris. Bulardan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän çäreler hem yzygiderli geçirilýär. Olara etrabymyzyň bilim işgärleri, çagalar baglarynyň müdirleri gatnaşýarlar. Olar okuw maslahatlarynda öwrenenlerini terbiýeçilere öwredýärler. Şonuň ýaly-da terbiýeçiler çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ene-atalarynyň arasynda hem düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Duşuşyklarda ýokanç keseller, olaryň döreýşi, geçiş ýollary, bejerilişi we öňüni almagyň usullary barada düşünjeleri berýäris. Has täsirli bolar ýaly, olara degişli hünärmenleri çagyrýarys. Şeýle çäreleri orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hem guraýarys.

Göreçleri goralyň!

Häzirki döwürde göz keselleri bilen bagly iň uly meseleleriň biri — kompýuteriň başynda köp oturylmagy netijesinde görşüň peselmegi. Uzak wagtlap oturanyňda, gözüň ýadaýar. Gözüň çalt-çaltdan gyrpylmagy, gabaklaryň agralmagy ýa-da göze «gum dykylan», öňünde perde bar ýaly duýgularyň döremegi, onuň gyzarmagy başlangyç alamatlara degişlidir. Gözýaş akmagy, ýagta duýgurlygyň ýokarlanmagy, şeýle hem şekiliň ikilenmegi bu ýagdaýyň beterleşen halatynda ýüze çykyp biler. Kellagyry, eginleriň, gözhana we maňlaý töweregindäki, şeýle-de daş-töwerege seredeniňde döreýän agyrylar hem bolýandyr. Göz gamaşyp. ýazgy okalanda çalt ýadap hem bilýär. Ýokarda agzalan alamatlar kompýuteriň monitorynyň elektromagnit şöhlelenmesine däl-de, bu ulgam bilen işlenende görşüň aýratynlygyna baglydyr. Ekrandaky şekiller kagyzdakydan öz aýratynlygy boýunça tapawutlanýar. Meselem, şol şekiller diskret nokatlardan — piksellerden ybarat bolup, olar çalt ýanyp-öçüp durýar. Ýanyp-öçmegiň ýygylygy peseldigiçe, akkomodasiýanyň takyklygy şonça gowşaýar. Bu onuň bozulmagyna getirip bilýär. Şeýle hem ekrandan klawiatura we kagyzdaky ýazgylara seredeniňde, ekran bilen gözüň aralygy ýakyn bolanda, daş-töweregiňdäki ýagtylyk göni ekrana düşende, nädogry reňk saýlananda we onuň artykmaç ýagtylygy gözde ýadawlygyň döremegine täsir edýär. Monitoryň başynda uzak wagtlap arakesmesiz oturylanda, gözýaş suwuklyg

Görer gözüň goragynda

Görer gözüň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Bu ýagty jahanda ýaşalyp ýörlende, onki synanyň hemmesiniň hem abatlygy zerur welin, gözüň ýerine ýetirýän işi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şol sebäpden gözi goramaklyk wajyp meseleleriň biridir. Gynansak-da, göz keselleriniň birnäçe görnüşine duş gelinýän halatlar bolýar. Glaukoma keseli hem ýygy duş gelýän dertleriň biri. Biz bu babatda welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftalmologiýa bölüminiň lukmany Leýla Joraýewa bilen söhbetdeş bolduk. — Lukman, glaukoma keseli barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz?! Belkem, bu söhbetdeşlik ildeşlerimiziň keselden goranmagyna sebäp bolup biler.

Asylly işleriň öçmejek ýaňy

Golaýda mähriban Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işler örän wajyp bolup, munuň özi beýik ynsanperwerlikden nyşandyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky nesil terbiýesine we saglygyna aýratyn üns beripdir. Pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Biziň welaýatymyzda hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çagalaryň 50-den gowragynda operasiýalar üstünlikli geçirildi. Bu bolsa çagalaryň birnäçesine we olaryň hossarlaryna öçmejek bagty paýlady. Çünki çaganyň saglygyna gowuşmagy bahasyz gymmatlyga eýe bolmakdyr. Bu sogaply hem-de nusga alarlyk işleriň sakasynda bolsa mähriban Arkadagymyzyň irginsiz aladalary jemlenýär.

Peýdaly maslahatlar

Gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Sowuk, çygly, şemally howada adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň başy başgap bilen örtülen bolmaly. Gyş paslynyň aýazly howasynda bolsa olaryň aýakgaplary özüne laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, dabany düz bolmaly. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaň!

Ýumurtganyň ýokumy

Ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan towuguň ýumurtgasy öz düzüminde ýaşaýyş üçin gerek bolan ähli iýmit we biologiki maddalaryň çeşmesi saýylýar. Şol sebäpden ýumurtganyň iýmitlik gymmaty örän ýokarydyr. Şonuň üçin hünärmenler ýumurtgany ertirlikde iýmekligi maslahat berýärler. Ýumurtganyň düzüminde beloklaryň, ýaglaryň (arahidon turşusy, lesitin, holin we başgalar) ýokumlaryň we mineral maddalaryň uly toplumy saklanýar. Has takygy, ýumurtganyň düzüminde fosfor, kalsiý, kükürt, sink, mis, natriý, kaliý ýaly mikroelementler jemlenendir.

Saglygymyz öz elimizde

Ýurdumyzda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny gorap saklamak babatda giň möçberli, il-ýurt bähbitli işler üstünlikli alnyp barylýar. Her bir adam iýmitleniş medeniýetini zähmetiň we dynç almagyň endikleri bilen sazlaşdyryp, bedenini berkitmek üçin sport bilen meşgullanyp, syýahat etmek ýaly çäreler arkaly üstüni ýetirýär. Halkyň saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň arassalygyna baglydyr. Saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly we belli bir wagtda iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny, sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, kesellerden goraýar hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär. Sagdyn iýmitlenmek boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli gök önümler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Iýýän iýmitimiz bize lezzet bermelidir. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň önümleri, dürli miweler ilata hödürlenilýär. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň gowy ýuwmaly. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna aýratyn üns berilmeli. Bişirilmedik önümleri taýýar iýmitlerden aýry saklamaly. Azyk önümlerini alanyňyzda, hil taýdan ýokarylygyna, terligine üns bermeli. Azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr. Sagdyn bolma

Kakao — şypaly içgi

Adamlaryň aglabasynyň çaýdyr kofäni halaýandygy jedelsizdir. Ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiri, peýdasy boýunça çaýdyr kofeden gaýra durmaýan ýene bir içgi bar. Ol kakaodyr. Onuň peýdalydygyna dürli ýurtlarda geçirilen barlaglar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kakao damarlary berkitmekde, ýüregiň işleýşini gowulandyrmakda iň gowy içgileriň biridir. Onuň täsiri bilen gandaky zyýanly holesteriniň derejesi peselýär, gan basyşy kadalaşýar, damarlaryň sütünleriniň çeýeligi ýokarlanýar.

Turp — gurp

Edil häzirki döwürde — gyş paslynyň dowam edýän günlerinde naharyň ýany bilen turp işdäaçary köp äberilýär. Munuň hem özboluşly sebäbi bar. Bu işdäaçar diňe bir işdäňi açmak bilen çäklenmän, eýsem, sowuk howaly günlerde birnäçe kesellerden goranmaga ýardam edýär. Şeýle-de turpdan taýýarlanylan işdäaçaryň saglygymyza diýseň peýdalydygyny hem ýatlatmak isleýäris. Aslynda, ekologiýa taýdan arassa tebigy önümleri gündelik iýmek sagdyn durmuşyň girewidir. Könelerimiz hem «Görk ― agyzdan» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ýokumly iýmitlerden öz wagtynda ýerlikli peýdalansak, saglygymyzy goramagymyza, görkümizi ýitirmän saklamagymyza sebäp bolar. Turp adam bedenini zerur ýokumlar we mineral duzlar bilen doldurýar, güýçlendirýär. Şol sebäpden ol, esasan hem, gyş aýlarynda we bahar paslynyň başynda kän kabul edilýär. Onuň şiresi iýmit siňdiriş ulgamynyň we içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar. Şeýle hem ýürek-damar, öthalta we beýleki ulgamlaryň keselleriniň öňüni almakda hem örän peýdaly hasaplanylýar. Çünki onuň düzüminde PP, A, E ýokumlary, glikozidler, aminokislotalar, efir ýaglary, işjeň fermentler, organiki kislotalar bar. Turpuň bagyr we böwrek kesellerini bejermekde, böwrekdäki daşlary eretmekde hem melhemlik häsiýetleri ýokarydyr.

Saglygymyz özümize bagly

Ýiti respirator keseli, esasan, gyş paslynda ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalarynyň zeperlenmegi bilen ýüze çykýar. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär. Bulardan başga-da, adamlaryň köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalaryny bir wagtda ikitaraplaýyn açylyp ýel çalanda, şeýle hem pasla görä geýnilmänliginde kesel ýüze çykyp bilýär. Adatça, bu kesel duýdansyz başlaýar. Hususan-da, bedeni gowşak adamlarda, çagalarda köp duş gelýär. Immuniteti pes adamda keseliň gaýtalanyp durmagy hem ähtimaldyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän sagdyn adamlar bolsa, bu kesel bilen seýrek keselleýärler. Eger keselläýen halatlarynda-da, olar tiz sagalýarlar.

Halkyň abadançylygy — iň uly maksat

«Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykatdygyny, Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr. Döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary bu günki gün eziz Diýarymyzyň çar künjegine bezeg berýär. Munuň özi raýatlaryň saglygyny goramagyň, esasanam, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, geçen ýylyň aprel aýynda «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň row

Saglyk — beglik

♦Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. ♦Arassa howada gezelenç etmeli.

Lukmanyň maslahaty

Saglyk barlaglaryndan geçmegiň ähmiýeti Onkologik keseller, ýagny howply täze döremeler dünýäde ýaýran ýokanç däl keselleriň esasy bölegini emele getirmek bilen, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri aýallaryň howply täze döremeleriniň içinde köp duş gelýär. Bu keselde ýatgynyň boýunjygynda ilki howply täze döremeleriň öň ýanyndaky ýagdaýlar — ir durmuşa çykmaklyk, ir çaga dogurmaklyk, göwräňde galan çagany köp aýyrtmaklyk, şahsy arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmezlik, çilim çekmeklik, göwrelilige garşy goranyş serişdeleri uzak wagtlap ulanmaklyk, papilloma wirus ýokanjy immun ulgamyny peseldip, soň keseller bejerilmedik ýagdaýynda birnäçe ýylyň dowamynda howply täze döremäniň emele gelmegine getirýär. Howply çiş emele gelenden soň, çalt ösýär we bejerilmese, wagtyň geçmegi bilen, limfa mäzlerine we ýanaşyk agzalaryna, peşew halta, göni içegä ýaýraýar we zenanyň ömrüne uly howp salýar.

Kadalary berjaý ediň!

Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde D we С witaminlere baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini) peýdalanmaly.* * *Pasla görä geýinmeli.* * *Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.* * *Otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. * * *Iýmit howpsuzlygyny berjaý etmeli.* * *Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.* * *Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.

Eneligiň hem-de çagalygyň goragynda

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Hususan-da, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolup, hamyla eneleriň we çagalaryň saglygyna tölegsiz seredilýär. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we beýleki bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglary geçirilýär, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary amala aşyrylýar. Şeýle asylly işler ýokanç keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýryp, birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna ýardam edýär. Halkara saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde, maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmekliginiň netijesinde, ýokanç keseller bilen kesellemeklik azalyp, olaryň birnäçesi ýok edildi. Türkmenistanyň «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasynyň maksady enäniň we çaganyň keselleriniň hem-de howply ýagdaýlarynyň öňüni almakdan, saglyk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň döwl

Sagdyn bolmak üçin

Gyş paslynyň üçünji aýy öz möwritini dowam edýär. Muňa garamazdan, möwsümiň dowamynda ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Pasla görä geýinmeli.