Asylly işleriň öçmejek ýaňy

14 Fewral 2024
502

Golaýda mähriban Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işler örän wajyp bolup, munuň özi beýik ynsanperwerlikden nyşandyr.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky nesil terbiýesine we saglygyna aýratyn üns beripdir. Pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Biziň welaýatymyzda hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çagalaryň 50-den gowragynda operasiýalar üstünlikli geçirildi. Bu bolsa çagalaryň birnäçesine we olaryň hossarlaryna öçmejek bagty paýlady. Çünki çaganyň saglygyna gowuşmagy bahasyz gymmatlyga eýe bolmakdyr. Bu sogaply hem-de nusga alarlyk işleriň sakasynda bolsa mähriban Arkadagymyzyň irginsiz aladalary jemlenýär.

Nurgözel JORAÝEWA,
Dänew etrap hassahanasynyň iç keseller bölüminiň müdiri.