"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Saglyk — iň gymmatly baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça asylly başlangyçlara badalga berýär. Bu ugurda soňky ýyllarda has-da uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýtmak aýratyn ýakymlydyr. Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Kadalary berk berjaý ediň!

♦Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Guwandyran hemaýata alkyşlaryň çägi ýok

Bäherden etrap hassahanasynda bolup geçen şatlykly waka berkarar Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryň giň möçberlidigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy we rowaçlygy hemme zatdan ileri tutulýar. Şu jähetden, milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýokary hilli ösüşler we sepgitler ýylsaýyn ilerleýär. Şeýle tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly welaýatymyzyň we Bäherden etrabynyň ýaşaýjylaryny we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden guwandyrdy. Şol gün etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli etrap hassahanasynyň degresi baýramçylyk şatlygy bilen gurşaldy. Oňa ady agzalan Gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri we başga-da birnäçe myhmanlar gatnaşdy.

Buýsanjymyzy goşalandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda we netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy lukmançylyk tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzdaky okgunly ösüşleriň nyşany bolan şeýle özgertmeler ähli etrap-şäherleri, şol sanda, iň çetki künjekleri-de öz içine alýar. Etrabymyzyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi şeýle guwandyryjy görkezijileriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berlen bu sowgat welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini begendirdi. Bu waka bagyşlanyp, hassahanamyzda geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş bolup ýaňlandy.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp eden

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Bu gün akyldar şahyryň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň özeninde durýar. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklaryndan söz açýar. Magtymgulynyň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulyp, ol döwrüň ähli meselelerini öz içine alýar. Onuň şygyrlarynyň tematik örüsi köptaraplydyr, çuňňur mazmunlydyr.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz guwanjy. Çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramaly. Hamyla zenan lukmanyň gözegçiliginde bolup, lukman maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ýaş eneleriň arasynda çaga dogry gözegçilik etmek, dogry iýmitlendirmek, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada lukmanlar tarapyndan yzygiderli düşündiriş işleri geçirilýär. Çaganyň dünýä inmegi, sagdyn ösüp ulalmagy, dogry terbiýe almagy ene-atalaryň öňünde duran borçdur. Ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegi zerurdyr. Sebäbi ene süýdüniň çaga üçin uly ähmiýeti bar. Ene süýdi çaga bedeninde ýeňil özleşýär, ýokanç kesellerden goraýar we immun ulgamyny berkidýär. Ene süýdi çaganyň ilkinji alty aýynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmitdir. Onuň düzüminde körpäniň kadaly ösmegi üçin zerur maddalaryň ählisi ýeterlik mukdarda saklanýar. Alty aýdan bäbegiň hereketi artýar. Oňa witaminler we minerallar köp gerek bolýar. Şol döwürden başlap, körpä goşmaça iýmit berip başlamak maslahat berilýär. Ol çaganyň kadaly ösmegi üçin zerurdyr. Şol bir wagtda ony ene süýdi bilen iýmitlendirmegi hem dowam etmeli.

Woleýbolçy lukmanlar bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hassahanamyzyň lukman gelin-gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Lukmanlarymyz «Bagtyýarlyk» hem-de «Galkynyş» atly toparlara bölünip, özara güýç synanyşdylar. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde lukmanlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere hem-de ähli gatnaşyjylara hassahanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz şäherimiziň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem ýaryş geçirmekligi meýilleşdirýäris. Sport bilen meşgullanmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Howply keselden goranalyň!

Şu gün Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly biraýlygyň çäklerinde «Howply keselden goranalyň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar. Öýkeniň täze howply döremeleriniň wagtynda öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda lukmanlar bu keseliň hazirkizaman anyklaýyş we bejeriş usullary, şeýle-de onuň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Munuň üçin kanunçylyk namalary kabul edildi.

Saglygyň gadryny bilgil...

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de sag­dyn be­den we sag­dyn ruh

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hä­zir­ki­za­man ösen luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Di­ýa­ry­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­dyn we ru­hu­be­lent ýa­şa­ma­gy­ üçin uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Saglyk sahawaty

Şanly günde Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden ulanyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini, elýeterliligini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany Altymuhammet Agaýewiň aýdyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky tutumly işleri halkymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi saglygy goraýyş işgärleriniň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamlary häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, uly ýaşlylara hem-de çagalara niýetlenendir.

Magtymgulynyň döredijiliginde saglyk taglymaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň aglaba bölegi adamzat saglygy hakyndaky taglymatdan gözbaş alýar. Dana akyldarymyz Magtymgulynyň döredijiligi ýaşlary döwrebap terbiýelemekde, olary halal zähmet çekmäge gönükdirmekde, adam saglygyna zyýanly endiklerden daşda saklamakda, ynsanperwer, sagdyn nesil, ygrarlylyk häsiýetli şahsyýetler edip ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.Ata-babalarymyz ýaşamak bagtynyň esasy üç sütüniniň biriniň saglykdygyny aýratyn nygtapdyrlar. Bu hakynda beýik Pyragy atamyz «Il ýagşy» diýen şygrynda şeýle setirleri getirýär:

Hozuň saglyga peýdasy

Tebigatyň eçilýän nygmatlarynyň ählisi diýen ýaly, ýerini bilip ulansaň, saglyk üçin peýdalydyr. Hozuň maňzynyň hem adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Görnükli alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylyp, ol hozuň maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde bolsa şeýle diýilýär: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär». Hoz agajynyň ýurdumyzda diňe bir görnüşi duş gelýär. Ol hem grek hozy diýlip atlandyrylýar. Uzak ýaşaýan agaç bolan grek hozy saglyk üçin peýdasynyň köpdügi bilen beýleki hozlardan tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bardyr. Grek hozy beloga baýdyr, onuň ýagy hem peýdalydyr.

Nesilleriň saglygy — dünýäniň bagtyýarlygy

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy netijeli amala aşyrylyp, ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. 8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegiň munuň aýdyň mysalydyr.

Lukmançylyk hyzmatlary kämilleşdirilýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Şol işleriň hatarynda golaýda etrabymyzyň hassahanasyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamyň satyn alnyp berlendigini hem görkezmek bolar. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni ýaňy ýalydy. Şu gysga döwürde gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp baryldy. Şol işleriň hatarynda döwrebap lukmançylyk merkezlerin

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Çilim çekmek bütin bedene, ilkinji nobatda hem dem alyş synalaryna uly zyýan ýetirýär. Temmäki tüssesindäki nikotin örän zäherli maddadyr. Ol bedeni yzygiderli zäherläp durýar. Çilim çekýän adamlarda dem alyş synalarynyň dürli keselleri, ýagny bronhit, öýken çişmesi, dem gysmasy ýygy-ýygydan duş gelýär. Temmäki tüssesi ses perdeleriniň işiniň bozulmagyna getirýär.

Ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär.

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Ahal welaýaty, 8-nji maý (TDH). Şu gün Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Ahal welaýaty, 8-nji maý (TDH). Şu gün Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Peýdaly maslahatlar

Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr. Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen witaminlere baý önümler bilen köpräk iýmitleniň, arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmegi unutmaň! Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanman, lukmanyň maslahatyna eýerseňiz, saglygyňyza zyýan ýetmez. Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda kabul etmegi ýatdan çykarmaň!