Howply keselden goranalyň!

13 Maý 2024
609

Şu gün Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly biraýlygyň çäklerinde «Howply keselden goranalyň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar.

Öýkeniň täze howply döremeleriniň wagtynda öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda lukmanlar bu keseliň hazirkizaman anyklaýyş we bejeriş usullary, şeýle-de onuň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Munuň üçin kanunçylyk namalary kabul edildi.

Şatlyk ITALMAZOW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.