"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagdynlyk — ruhubelentlik

— Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýmeli. — Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly.

Gün şöhlesinden goranyň!

Gün — şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, ultramelewşe şöhlesi olaryň içinde wajyp ähmiýete eýedir. Olar adam bedeni, esasan, çagalar üçin has-da zerurdyr. Sebäbi bu şöhle adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň teni D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoparozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň keselläp gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi bolsa parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýji keseline alyp barýar. Şol sebäpli D witamini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy taraplarynyň biri, onuň birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýänligidir. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin örän yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Her bir adam çagalykdan Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar. Ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmagy, Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Şoňa görä, Gün şö

Görk — agyzdan

Sagdyn bolmagyň esasy şerti — sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerinden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmaly, şekeri, ýaglary we duzy iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli.

Görk agyzdan

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri — bu sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmeli.

«Akylly» şäheriň lukmançylyk mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramakda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler bu babatda agzalmaga mynasypdyr. Güneşli Diýarymyzda häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, derman senagatynyň döwrebap kärhanalary gurulýar, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologiýa derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär, ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan dermanlyk serişdeleri öndürilýär. Şonuň bilen baglylykda, Köpetdagyň eteginiň taryhy künjegindäki Arkadag şäherinde bina edilen saglygy goraýyş maksatly desgalaryň möhüm ähmiýeti bellärliklidir. «Akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň hatarynda lukmançylyk edaralarynyň, ylaýta-da lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň bolmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Saglyk — altyn täç

Saglyk we sagdynlyk — bagtyýarlygyň gözbaşy, ýagşylyga, haýyrly işlere ugrukmagyň sakasy. Ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hasaplanýar. Şonuň üçin hem döwletimiziň çäginde ynsanlaryň ömür goraglylygyny üpjün etmek bilen bagly asylly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de döwrebap lukmançylyk merkezlerindäki halkara ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary enäniň we çaganyň saglygynyň goraglylygynyň birkemsiz üpjün edilmegine şert döredýär. Çagalaryň sagdynlygy baradaky amala aşyrylýan asylly işler hakynda agzalanda, welaýatlaryň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze, döwrebap «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, Mary welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog +» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmeginiň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan saglyk ulgamynda lukmançylyk

Saçda goňak görünse...

Saçda goňagyň bolmagy iň halanmaýan ýagdaýlaryň biri hasaplanýar. Köplenç, kelle derisiniň saglygy bilen bagly bolan bu nogsan adamy, aýratyn hem zenanlary, çekinjeňlik halyna getirýär. Adamlaryň köpüsi goňakdan dynmak üçin dürli serişdelerden, emlerden peýdalanyp, meseläni özbaşdak çözmäge synanyşýarlar. Eger ulanylýan ýörite serişdelere garamazdan, goňak aýrylmaýan bolsa, bu adamyň bedeninde haýsydyr bir näsazlygyň dörändigini aňladýar. Şonuň üçin bu meselede lukmana ýüz tutmak gerek. Eger agyr näsazlyk ýa-da deri keseli ýok bolan ýagdaýynda, saç goňagyny aýyrmagyň birnäçe tebigy ýollarynyň bardygyny tejribeler ykrar edýär. Kelle derisiniň goňaklamagyna ýa-da saçda goňak görünmegine getirýän sebäpleriň käbiri şulardan ybaratdyr: saçy kadaly ýuwmazlyk, şampun bilen ýuwanyňdan soň gowy durlamazlyk, ýaramaz iýmitlenmek ýa-da witamin ýetmezligi, käbir deri keselleri, saç timarlaýjy serişdeleri ýygy ulanmak, sowuk ýa-da gurak şertler, saçy az ýa-da köp ýuwmak, ýetginjeklik ýaly gormonal ýagdaýlar, saçyň derisinde bakteriýa ýa-da kömelegiň emele gelmegi. Eger goňagyň döremeginiň sebäbi kelle derisiniň arassalygy ýa-da saça ideg etmekdäki säwlikler bilen bagly bolsa, onda ony aradan aýyrmagyň birnäçe tebigy ýollary bar. Şeýle usullaryň biri limon suwuny ulanmakdyr. Limon saçyň derisini arassalaýar, artykmaç ýagy aýyrýar we kökleriň güýçlenmegini üpjün edýär. Bu usuly ulanmak üçin i

Sagdynlygyň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakda uly aladalar edilýär. Bu gün «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda guwandyryjy sepgitlere ýetilip, ynsan saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak babatdaky tagallalar rowaçlanýar. Eziz Diýarymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, şypahanalar, sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we beýleki desgalar gurulýar hem-de ildeşlerimiziň hyzmatyna berilýär. Halkymyzyň saglygy ugrunda alnyp barylýan işlerde şypahana hyzmatynyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki şypahanalar halkyň saglygyny dikeltmekde saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklary bolup hyzmat etmek bilen, olaryň bejerijilik, saglygy dikeldiş we keselleriň öňüni alyş ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde «Berzeňňi», Ahal welaýatynyň çäginde «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» şypahanalary, Balkan welaýatynda «Mollagara», «Awaza», Daşoguz welaýatynda «Daşoguz», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly» şypahanalary hereket edip, ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýärler.

Tomusda kadaly iýmitlenmek

Howanyň gyzgynlyk derejesi ýokarlanyp, ýiti Gün şöhleleriniň saglyga zyýan berip bilýän döwri bolan tomus paslynda dogry iýmitlenmek meselesi esasy şertleriň biri bolup durýar. Yssy günlerde gök hem bakja ekin önümleriniň, miweleriň dürli görnüşini iýmek arkaly bedenimiz gerekli witaminler bilen üpjün edilýär. Antioksidantlara, witaminlere, minerallara we suwa baý bolan şeýle önümleri terligine iýmek-de, olardan işdäaçarlardyr şerbetleri taýýarlap kabul etmek hem bolýar. Tomsuna suwy köp içmeli. Sebäbi bu möwsümde beden üçin iň zerur serişde suw bolup durýar we her gün, azyndan, 3 litr suw içmek maslahat berilýär. Yssy howada bedeniň derleme ýagdaýynyň işjeňleşýändigi sebäpli, has köp nem bölünip çykýar. Şeýlelikde, derlemegiň hasabyna ýüze çykýan suw ýetmezçiliginiň öwezi doldurylmadyk halatynda, bedende deriniň guramagy, dodagyň kepemegi, kellagyry, baş aýlanma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şularyň öňüni almak üçin hem köp suw içmeli. Suwsuzlygyňyzy gandyrmak we bedeni jöwzadan goramak üçin düzüminiň 80-90 göterimi suwdan ybarat bolan garpyzdyr hyýar, teşneligi gandyryp, bedeni toksinlerden arassalaýan pomidordyr malina, suwsuzlygyň öňüni alýan kiwidir bolgar burçy, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýan gawun ýaly önümler örän peýdalydyr. Limonly şerbet, garpyz şiresi, dürli miwelerden kompotlar, çal we gök çaý hem suwsuzlygy örän gowy gandyrýan, saglyk üçin peýdaly içg

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylsa, bedeniň kesellere garşy göreş (immun) ulgamy pugtalanýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi diş we süňk dokumalaryna peýdaly bolan D witamininiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär, ýöne Gün şöhlesini dogry peýdalanmaly. Munuň üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli we agşam sagat 18:00 21:00 aralyk iň amatly wagtdyr.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir. Ol az mukdarda adam bedeni üçin, esasan-da, çagalar üçin has zerur. Ultramelewşe şöhlesi adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň derisi D witaminini işläp çykarýar. Ol bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoparozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň keselläp gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi bolsa parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýji keseline alyp barýar. Şonuň üçin D witamini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy tarapy, birnäçe keseli dörediji mikroorganizmleri ýok edýär. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüni oňat duýmagyna ýardam berýär. Şonuň üçin gaty yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Yssy günlerde Günden goranmak üçin kelläňize hökmany ak ýaglyk daňmaly, başgap geýmeli, eşikleriňiz açyk reňkli bolmaly. Pasla görä geýinmek, Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmak hem-de köp mukdarda agyz suwuny ýa-da

«Görk — agyzdan...»

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri hem, kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli. Iýmit rejesinde beloklar, ýaglar we uglewodlar 1: 1:4 gatnaşykda bolmaly. Sebäbi ýaglar öýjük gurluşyna, deri örtüginiň saglygyna, käbir witaminleriň özleşmegine we iýmitden kanagatlanma duýgusynyň emele gelmegine ýardam berýärler.

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan, şeýle-de beýleki Milli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi bolsa, milli lukmançylygyň täze belentliklere çykmagyna, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize berk ornaşmagyna şert döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär. Şunda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi ynsan saglygyny goramaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşymyza ornaşdyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda asylly işleriň alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Çünki ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde, maslahatlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär. Sport bilen meşgullanmak ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Şeýle hem arassa howada gezelenç etmek, pyýada ýöremek sagdyn durmuşyň kadalaryna degişli bolup, beden üçin has-da ýaramlydyr. Çünki dowamly pyýada ýöremek bedenterbiýäniň bir görnüşi hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda pyýada ýöremegiň hem peýdasy uludyr.

Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

Mesge ýagy süýt önümlerine degişli bolup durýar. Mesge ýagynyň düzümindäki witaminler, mineral maddalar, maldan alynýan ýaglar, beloklar adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik iýmitlenmeli maddalardyr. Ol adam üçin bedeniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kagaly işlemegini üpjün edýär we esasy energiýa çeşmesiniň biri bolup durýar. Mesge ýagynyň düzüminde ýag turşularyndan başga-da A, B, C, D we E witaminleri bardyr. Bu bedeniň sagdyn ösmegini, dürli kesellere bolan durnuklylygyny artdyrýan ýokumly iýmit önümleriniň hataryna girýär. Durmuşda spred (garyşyk) ýaglary duş gelýär. Spred ýaglary dürli gatnaşykda mesge (süýt ýagy) ýa-da ösümlik ýaglary goşulyp öndürilen ýag önümidir. Spred ýaglary nahar bişirmek, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, şeýle hem çörek bişirmek, konditer önümleriniň, konserw we azyk senagatynyň beýleki pudaklary üçin niýetlenendir.

Be­ýik mak­sat­ly iş­le­riň aý­dyň be­ýa­ny

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Ar­ka­dag şä­he­ri — Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny gör­kez­ýän şä­her. Ol öz te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şan-şöh­ra­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Bu şä­her Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň, her bir ra­ýa­tyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da­ky be­ýik iş­le­ri­niň do­wa­mat-do­wam bol­ýan me­ka­ny­dyr. Ge­çen ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň 336-sy, şol san­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, dün­ýä­niň iň kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi, has­sa­ha­na­lar, or­ta mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­dyr beý­le­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di.

Sagdynlyk — ruhubelentligiň gözbaşy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Bag­ty­ýar türk­men hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, ola­ryň asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy öňe sü­ren sy­ýa­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler hormat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Il sag­ly­gy — ba­ha­syz baý­lyk

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy — döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk we ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­riň je­mi diý­mek­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça tu­tuş adam­za­dyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ne­ti­je­li gu­ra­ly hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Şeý­le-de, ýur­du­myz BMG­-ä we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry hem­-de agent­lik­le­ri bi­len yn­sa­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­rin­de mö­hüm gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar.

Summer foods for children

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Many of us often snack on a light salad or cold soup in hot weather. But a preschooler needs to eat properly and nutritiously. The difficulty in choosing a diet for children in the summer is that foods spoil much faster. However, the choice of fresh fruits and vegetables is huge, which means you can stock up on vitamins for the winter.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige bagyşlanylan duşuşyk

Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň işgärleriniň arasynda köpugurly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerdir şertleriň ähmiýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekligiň wajyplygyny wagyz etmek, ýaş nesliň bagtyýar, ruhubelent, sagdyn bolmagyna gönükdirilen durmuş şertlerini halkymyza dogry düşündirmek, ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň işgärleriniň arasynda köpugurly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Görk agyzdan

Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan azaltmaly. Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyny her bir adam, esasan hem, öý bikeleri bilmelidirler. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, maňzyň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.