"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Iň ökde agyr atletikaçylar ýüze çykaryldy

Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdepde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Çärjew etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenabat şäheriniň toparynyň türgenleriniň 7-si baş baýraga mynasyp boldy. Olar Süleýman Jafarow, Ismailbek Islambaýew, Begenç Hemraýew, Jalil Raimberdiýew, Wiktoriýa Magdaseýewa, Mähri Erkinowa, Firuza Hudaýberdiýewa dagydyr. Şeýle-de Çärjew etrabyndan Ibragim Şaýmerdankulyýewiň tälim beren türgenlerinden Sangiza Bahtiýarowa, Atamurat Babajanow, Gänji Amangeldiýew öz agram derejesinde öňdeligi eýelediler. Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylaryndan Mähriban Jumaýewa, Arzuw Batyrjanowa, Muhabat Jafarowa dagy hem üstünlikli çykyş edip, altyn medala eýe boldular.

Ýagşymyradow indiki tutluşygyny aprelde geçirer

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän 34 ýaşly lebaply türgen Döwletjan Ýagşymyradowyň (21-7-1) söweş sungatynyň meşhur PFL ― 2024 ligasyndaky ilkinji garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar. Ýarym agyr agram derejesinde Ýagşymyradow bilen Nedonyň arasyndaky tutluşyk 12-nji aprelde ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. Täze PFL—2024 möwsüminiň ähli gatnaşyjylary Gran-Priniň çäklerinde çempionlyk kemeri hem-de 1 million dollar möçberindäki pul baýragy üçin göreşerler.

Ökdeler öňe saýlandy

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ýaş türgenleriň arasynda sportuň küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen geçirilen ýaryş etrabyň sport mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde küşt boýunça etrabyň 30-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny, 27-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orny eýelediler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 27-nji orta mekdebiň ýaş türgenleri birinji orny, 28-nji orta mekdebiň türgenleri ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň türgenleri bolsa üçünji orny eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýaş türgenleriň üstünlikli çykyşlary

Şu günler paýtagtymyzda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirilýär. Olara welaýatymyzyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, degişli sport görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary woleýbol ýaryşlarynda şowly çykyş etdiler. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdepde geçen ýaryşda okuwçy gyzlarymyzdan düzülen woleýbol topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň okuwçy oglanlary hem woleýbolda baýrakly ikinji orna mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky bu ýaryş paýtagtymyzdaky 76-njy orta mekdepde geçdi.

Sport

Sport ýaryşy geçirildi Halkara Nowruz güni mynasybetli, welaýatyň pudaklaýyn edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň welaýat bölüminiň, Saglygy goraýyş, Baş bilim, Dermanhana müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa ýygyndy toparlar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, 1-nji orna welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, 2-nji orna Baş bilim müdirliginiň, 3-nji orna Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Sport habarlary

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdepde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat etrabyndan üç, Kerki we Darganata etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşa türgenleriň 36-sy gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar. Toparlaýyn netijeler boýunça Saýat etrabynyň birinji topary ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi. Ikinji orny türkmenabatly pälwanlar eýelän ýaryşda öňdäki üçlügi Saýat etrabynyň ikinji topary jemledi.

Woleýbol boýunça ýaryş geçirildi

Milli bahar baýramy mynasybetli etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde bilim edaralarynda zähmet çekýän aýal-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bu ýaryş ruhubelentlige beslendi. Ýaryşyň netijeleri boýunça 13-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orunlary degişlilikde etrabymyzdaky 6-njy we 28-nji orta mekdepleriň toparlary eýelediler. Ýeňijilere guramamyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.

Sport. Sport. Sport.

Türgenler ezberligini görkezdiler Golaýda Aşgabat şäherindäki “Olimp” orta sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2009 — 2010-njy hem-de 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Seýrana» myhmanhanasynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küşt boýunça zenan türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Mahym Taganowa, erkekleriň arasynda Aşgabat şäherinden Arslan Meredow, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda aşgabatly Şyhmämmet Baýramalyýew, halkara şaşka boýunça zenanlaryň arasynda daşoguzly Sewinç Waisowa, erkekleriň arasynda Mary welaýatyndan Çarymyrat Orazdurdyýew, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Allanur Ahmedow Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

We­lo­si­pe­d we sag­ly­k

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 We­lo­si­ped sür­mek adam­la­ryň he­niz ça­ga­ka öw­ren­ýän we hiç wagt ýa­dyn­dan çy­kar­ma­ýan iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. We­lo­si­ped sür­mek yn­san sag­ly­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn peý­da­ly bo­lup, onuň öm­ri uzal­dy­jy aý­ra­tyn­ly­gy bar­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­ýän adam­la­ryň has sag­dyn bo­lup, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär. We­lo­si­ped sür­mek gö­nü­den-gö­ni sag­ly­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de spor­tuň pa­jar­lap ös­ýän, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­dy hök­mün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy gün­sa­ýyn art­ýar.

Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy

MMA-nyň 34 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder Döw­let­jan Ýag­şy­my­ra­do­wyň in­di­ki gar­şy­da­şy slo­we­ni­ýa­ly Jeý­kob Ne­do (8-1) bo­lar. Bu ba­ra­da sö­weş pro­mou­şe­niň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­di.

Futzal barada

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Ýur­du­myz­da fut­zal oý­ny gün-gün­den ös­ýär, öz­ger­ýär. Soň­ky dö­wür­ler­de fut­zal oý­ny dün­ýä ýurt­la­ry bo­ýun­ça uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Fut­zal oý­nu­nyň ta­ry­hy ga­ty uly bol­ma­sa-da, ol mil­li­on­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan oýun­dyr. In­ter­net mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de 30 mil­li­on­dan gow­rak adam fut­zal oý­ny bi­len meş­gul­lan­ýar. Mu­nuň özi fut­za­ly, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, mil­li­on­la­ryň oý­ny di­ýip at­lan­dyr­ma­ga esas ber­ýär.

Türk­me­n hok­keý­çi­le­ri dün­ýä çem­pio­na­tyn­yň saýlama ýaryşynda

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Biş­kek­de ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň «A» to­pa­ry­nyň üçün­ji bö­lü­min­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň hok­keý­çi­le­ri il­kin­ji ýeň­şi ga­zan­dy. Bäs­le­şi­giň ikin­ji tap­gy­ryn­da il­deş­le­ri­miz Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­ny 4:3 ha­sa­byn­da ut­ma­gy ba­şar­dy.

Dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 12 — 19-njy mart ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na gat­naş­ýar. Bu okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň do­wa­myn­da mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz bir ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çi­rip, 2026-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma oýunlaryna taý­ýar­lyk gö­rýär. Taýýarlygyň çäginde ildeşlerimiz Gazagystanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Şol oýun 2:0 hasabynda bäsdeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy.

Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul eder

Paýtagtymyzda ýokary derejede guralyp, dünýä ýaň salan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tamamlananyna heniz köp wagt geçenok. Ine, bu gün bolsa sport ýurduna öwrülen Türkmenistan nobatdaky iri bäsleşigi – hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul etmäge taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda bu ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen döredilen guramaçylyk topary ýaryşy ýokary derejede guramak hem geçirmek bilen baglanyşykly uly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny guramaçylykly geçirmek

Hal­ka­ra ýa­ry­şyň me­dal­la­ry

Il­deş­le­ri­miz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ta­mam­la­nan pa­ra-pauer­lif­ting bo­ýun­ça Dün­ýä ku­bo­gyn­da me­dal­la­ryň al­ty­sy­ny ga­zan­dy­lar. BAE-dä­ki ýa­ry­şa 32 ýurt­dan müm­kin­çi­li­gi çäk­li tür­gen­le­riň 173-si gat­naş­dy. Tür­gen­le­ri­mi­ziň üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry gu­wan­dy­ry­jy bo­lup, olar 2 al­tyn, 2 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hem-de dur­mu­şa or­naş­dyr­ýan asyl­ly iş­le­ri buý­sa­nyl­ma­ga my­na­syp­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da hem be­lent sep­git­ler, uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de sport des­ga­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Şol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly iş­ler bi­ziň bagt­ly dur­mu­şy­my­zyň ba­dal­ga­sy­dyr. Şeý­le uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Sport mekdeplerinde

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem ýaş nesli sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyklar geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň bedenterbiýe we sport, şeýle-de, bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklara mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr ýaş türgenler gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli gürrüňler edilýär. Şeýle sport mekdeplerinde kämillik ýoluny nazarlaýan türgenleriň arasynda biziň zähmet çekýän orta mekdebimiziň okuwçylarynyň bolmagy bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edilýär.

TFF-niň täzelikleri

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy 2026-njy ýyl­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň we 2027-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de Eý­ra­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len bol­jak mö­hüm oýun­la­ryn­dan öň BAE-de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çir­ýär. Mer­gen Ora­zo­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­le­ri wa­jyp oý­nuň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na hem-de res­mi oý­na gat­naş­mak üçin fut­bol­çy­la­ryň 24-si­ni dü­zü­me goş­du­lar.