Ýagşymyradow indiki tutluşygyny aprelde geçirer

20 Mart 2024
394

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän 34 ýaşly lebaply türgen Döwletjan Ýagşymyradowyň (21-7-1) söweş sungatynyň meşhur PFL ― 2024 ligasyndaky ilkinji garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar.

Ýarym agyr agram derejesinde Ýagşymyradow bilen Nedonyň arasyndaky tutluşyk 12-nji aprelde ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. Täze PFL—2024 möwsüminiň ähli gatnaşyjylary Gran-Priniň çäklerinde çempionlyk kemeri hem-de 1 million dollar möçberindäki pul baýragy üçin göreşerler.