Hormatly agza

23 Noýabr 2021
1056

Olimpiadanyň medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Hormatly agzasy» diýen at dakyldy hem-de degişli şahadatnama gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçiren okuw sapagynda: «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiz sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi» diýip, sportda ýetilän sepgitlerden söz açdy.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.