Ýeriň dartyş güýjüni ýitiren güni

23 Noýabr 2021
1151

Uly toýlarda göreş tutulanda obanyň atly pälwany orta çykar. Ýeňijiniň baýragy belli ediler. Onsoň jarçynyň «Kim çykýar orta?» diýen sesi ýaňlanar. Şol pursat aýdylyşy ýaly, gulagyňy deşip barýan ümsümlik aralaşar. Meniň ýadyma Mazy ahunyň «Tiz kömekde» işleýän ogly Kömek ýadyma düşýär. Hakydamda orun alan toýda onuň bil tutuşmaly adamy etraby baglan pälwandy. Gujurly goluna göwni ýetýän pälwan ony gamak ýaly ýerden göterip aýlady-dolady. Şol pursat Ýer özüniň dartyş güýjüni ýitirene dönüpdi. Sebäbi Kömek pälwan aýagyny ýere goýandyryn öýdýärdi, ýene çepiksi göwre tüweleýiň demine düşen ýaly bolup, al-asmanda galgap gidýärdi. Iň soňunda hem Öwez mugallymyň sözleri bilen aýtsak, içden çilşirip, Kömek pälwan baş baýragy aldy.

Altymyrat Orazdurdyýewiň sport «sahnasyna» çykan mahaly etraby däl, yklymy, dünýäni baglan men-men diýen pälwanlar oňa agyr mähelläniň Kömek pälwana garaýşy ýaly nebsagyryjylyk bilen garapdy. Emma soňlugy bilen uly zaly dolduryp oturan mähelläniň, megerem, atly-haýbatly çempionlara haýpy gelen bolsa gerek. Sebäbi kuwwatly gollarynyň gujury bilen adyny-owazasyny dünýä dolduryp, ýedi yklyma maglum bolan ezber türgenler dünýä we yklym ýaryşlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleridi.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.