Ösüşiň täze basgançagy

23 Noýabr 2021
1475

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady derejesini ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Konsepsiýadan gelip çykýan ygtybarly işleriň bellenen tapgyrlarda durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýete geçirmekde basgançak bolup hyzmat eder.

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ýaýrawlaryna sanly tehnologiýalaryň aralaşmagy gitdigiçe güýçlenýär. Sanly ykdysadyýet ýurduň ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, söwda, bilim we mundan başga-da birnäçe pudaklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ykdysadyýet onlaýn tehnologiýalara esaslanýan we dolanyşykda işjeň gurallary talap edýän önümçilik, paýlamak, alyş-çalyş ýaly tapgyrlaryň esasynda döreýän gatnaşyklaryň jemidir. Onlaýn tehnologiýalary Web 1.0, 2.0, 3.0, 4.0 nesilleriniň tehnologiýalary bolup, internet ulgamynda kommunikasiýalary amala aşyrmagy ýeňilleşdirýär we sanly önümleriň täze görnüşlerini ösdürmäge ýardam edýär.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet  institutynyň talyby.