Sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri

23 Noýabr 2021
1533

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgama geçilmegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «www.metbugat.gov.tm» saýty hereket edip başlady. Bu saýt birnäçe bölümden ybarat. «Garaşsyzlyk», «Gazetler», «Žurnallar», «Kitaplar», «Hyzmatlar» ýaly bölümleriň her biriniň birnäçe mümkinçiligi bar.

Saýtyň «Garaşsyzlyk» sahypasyndan döwürleýin neşirlerde çap edilýän makalalary, günüň wakalaryny okap bolýar. Saýtyň «Gazetler» we «Žurnallar» bölümlerinde ýurdumyzda çapdan çykarylýan neşirleri ýükläp alyp bolýar.