Pasyl çalşygynda saglygyňyza ünsli boluň!

23 Noýabr 2021
883

Pasyl çalyşýan döwürde adamlaryň birnäçesi işjeňliginiň peselýändigini, işdäsiniň kesilýändigini aýdýarlar. Munuň sebäbi howanyň ir ertir, giç agşam salkyn şemally, çigrekli, gündizine bolsa yssy bolmagy, ýagny howanyň üýtgäp durmagy bilen düşündirilýär. Şu zatlary göz öňünde tutup, howa çalyşýan döwürde adamlaryň öz saglygyny goramaklary üçin käbir maslahatlary ýatladýarys.

Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlarda kesele garşy göreşmek ukyby ýokary bolýar. Şonuň üçin adamlaryň arassa howada gezelenç etmekleri, sport maşklary bilen meşgullanmaklary möhümdir.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.