Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa...

23 Noýabr 2021
872

Arassaçylyk düzgünleriniň ýönekeý kadalary berjaý edilende, birnäçe keselleriň, hususan-da, ýiti respirator keselleriniň öňüni alyp bolýar. Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, şeýle-de, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy üçin yzygiderli alada edilýär.

Möwsümleýin duş gelýän ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Agyz-burun örtüginiň bir gezeklik ulanylýan görnüşi 2 sagatdan hökman çalşylyp durulmalydyr. 2 metr araçägi saklamalydyr.