Sagdynlyk we ruhubelentlik — beýik ösüşlere badalga

26 Iýul 2021
1391

Türkmen halky «Saglygym — baş baýlygym» diýip, saglygy ähli zadyň sakasy hasaplaýar. Sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek ugrunda ýurdumyzda dürli sport çäreleri, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça üstünlikli ädilýän ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna däl, eýsem döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan ugurlara-da degişli bolup, ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy. Onuň merkezinde bolsa adam, durmuşyň mynasyp şertleri durýar. Şoňa görä-de, saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, şol sanda her kimiň öz saglygyna jogapkärçiliginiň ýokarlanmagy göz öňünde tutulyp, döwletimiz munuň üçin hemme şertleri, giň mümkinçilikleri döredip, ählitaraplaýyn goldaw berýär.

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär.

Nuriddin ÝAGMUROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.