Sport habarlary

28 Iýun 2021
1158

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilelikde talyp gyzlaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdiler.

«Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Gözel Sazakowa birinji, şol bölümiň talyby Merjen Pollyýewa üçünji orunlary eýelemekligi başardylar. Ikinji orna bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Azatgül Rejepowa mynasyp boldy. Öňdäki orunlara eýe çykanlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.