Bütindünýä welosiped güni

23 Iýun 2021
1163

Çagalar, hany aýdyň, näçerägiňiziň 3 ýaşlyja jigiňiz bar. Bilýän, jigi köpiňizde bardyr. Ýöne maňa diňe 3 ýaşlyjalar gerek. Şeýle jigileri bolan okyjylarymyz aramyzda hökman bardyr. Dogry, olar heniz «Güneşi» okab-a bilenokdyrlar. Diňe suratlaryny synlaýandyrlar. Žurnalda çap edilýän gyzyklyja ertekilerdir hekaýalary, goşgulary bolsa olara siz okap berýänsiňiz.

Menem üç ýaşly birini tanaýan. Ýöne onuň bir aýratynlygy, ol — baýramçylyk. Özem bütin dünýäde bellenilýän baýram — Bütindünýä welosiped güni. Bu baýram siziň üç ýaşlyja jigiňiz bilen bir ýylda dünýä geldi. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzi ilkinji gezek bu baýramy belledi. Özi-de, hut biziň ýurdumyzyň — Türkmenistanyň başlangyjy bilen. Hut şol ýyl dünýäniň iň iri guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýany kabul etdi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.