Atly sportuň ezberi

22 Iýun 2021
1150

Ulus-ilimiziň ykbalyndaky nurana bedewlerimiziň at-owazasy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen älem-jahana ýaň salýar. Arzuwlara ganat berýän ahalteke bedewleriniň şöhraty bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Atçylyk sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýewdir. Ol üç ýyl bäri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanyp gelýär. Dogany Begli Garajaýewden at münmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwrenen Ýazgeldi konkur boýunça ussat türgenleriň biri bolan Nikolaý Beglarýandan behişdi bedewi bilen öňde duran päsgelçilikden şowly geçmegiň, bäsleşik wagtynda atyň üstünde özüňi erkin alyp barmagyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Gülşat AHUNOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.