Sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

17 Iýun 2021
1171

Häzirki döwürde berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu zatlar ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda hem möhüm bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar». Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler bu ugruň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyndan nyşandyr.

Seýitjan ÝAŇYBAÝEW,
Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy.