Sport habarlary

17 Iýun 2021
1229

Magtymguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň etrap bölümi ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirdiler.

Oglanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça guralan bäsleşikde 2-nji orta mekdepden Umyt Durdyýew, 19-njy orta mekdepden Rahat Batyrow, 1-nji orta mekdepden Durdy Täçmyradow dagy degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň gatnaşmaklarynda 60 metr uzaklyga ylgamakda şeýle netijeleri degişlilikde 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýla Sarçaýewa, 19-njy orta mekdepden Ogulgerek Annaýewa, 1-nji orta mekdebiň türgeni Gözel Ahadowa görkezmegi başardylar.

Aşyr BERDIÝEW.