Kerwen geçen ýollary yzarlap

9 Iýun 2021
739

Çagakak Aşgabat hakda oňa gidip gelenlerden köp eşiderdik. Belent-belent jaýlar, seýilgähler, çagalar üçin ýörite gurlan dynç alyş merkezler, garaz, şol ýerlerde düşülen fotosuratlar ählimiziň gözümizi eglärdi. Gezelenç edip gelen synpdaşymyzyň daşyny gallardyk. Ine, bu Ertekiler dünýäsi, bu ýeri ýadygärlik diýip gürrüň berýän ýoldaşymyza gözümiz giderdi. Içimizdenem: «Bizem dynç alşa çykanymyzda gidäýsedik» diýip hyýal ýüwürderdik.

Iň bärkijesi awtobuslarda gidip barýarkaň, şähere gezelenje gelenler hatar gurap duran ýokary okuw mekdepleriniň deňesinden geçenlerinde çagajygyna ýüzlenip: «Seret, balam, geljekde senem şular ýaly bilim ojaklarynda okap, bilim almaly, ýüzüňe syl!» diýýän sözlerine örän imrinýärsiň. «Oglum paýtagtda okap ýör. Gyzymy paýtagtda işe alyp galdylar. Oglum jaý toýuny tutýar. Şony gutlamaga Aşgabada barýarys» diýlen ýaly ata-eneleriň buýsançly sözlerini köp eşidýäris. Edil şol pursat Aşgabatdaky ýaşaýyş has başgaça görünýär. Haýran galaýmaly. Duz nesibäň çekip ýaşap başlasaň, ozalky pikir ýöretmeleriň, göz öňüne getirmeleriň durmuşy bolýar duruberýär. Şäheriň ajaýyp binalaryna, köp adamly köçelerine, bäş welaýatdan gelip, dogan ýaly gatnaşýan adamlara nazar aýlanyňda bolsa göwnüň giňäp gidiberýär. Özüm-ä muňa Aşgabadyň jadylaýjy güýji diýip düşünýärin.

Aýnabat NAZAROWA,
«Esger».