Ykdysady ösüşiň möhüm ädimleri

7 Iýun 2021
815

Mälim bolşy ýaly, ösen döwletiň ykdysadyýetiniň esasy maksady halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan seredilende, häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigi aýratyn bellenmelidir. Muňa hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýunda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".