Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

7 Iýun 2021
660

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebit guramalary hem-de käbir döwletler bilen özara gyzyklanma bildirilýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli derejedäki wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýörite habarçymyz.