Ýokary derejedäki kabul edişlik

28 Maý 2021
818

Hepdäniň çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

«Watan».