Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi

28 Maý 2021
799

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.

Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen kakasynyň ruhuna sadakanyň berilýän ýeri bolan metjide geldi.