Döwrüň möhüm hünäri

25 Maý 2021
993

Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda, öndüriji güýçleriň ösmeginde, önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde, maliýe serişdelerine bolan gymmaty artdyrmakda beýleki ykdysady gurallar bilen bir hatarda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlygyna hem uly orun berilýär. Aýratyn-da, buhgalter hünärine bolan isleg has-da artýar.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda buhgalter hünärine esasy iş orunlary degişlidir. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we hojalyk gurluşynyň üýtgemegi bilen, buhgalterleriň hünär abraýy hem artýar.

Bägül ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy.