Baýdagym bar — bagtym bar

17 Maý 2021
1030

Däp bolşy ýaly, her ýylda Döwlet baýdagymyzyň güni milletiň galkynmagynyň, türkmen halkynyň ýer ýüzünde mertebesiniň, at-abraýynyň beýgelmeginiň baýramy hökmünde ýurdumyzyň çar künjeginde uludan toýlanýar. Dünýäde uly abraýa, beýik ösüşlere eýe bolan döwletimiziň mukaddes Baýdagy halkymyzy täze ösüşlere ruhlandyryp, ýaş nesillerimizi bolsa Watana, halka wepalylyk ruhunda terbiýeleýän egsilmez güýçdür. Ýazlar kimin owadan ýaşyl Baýdagymyz başymyzyň täji, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Geçmişde 70-den gowrak döwlet guran türkmen halky ähli döwürlerde Baýdagyna aýratyn sarpa goýupdyr, ony döwletliligiň, özygtyýarlylygyň nyşany hasaplapdyr.

Başymyzyň täjine, gözlerimiziň görejine deňeýän ata Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy bu günki gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda berkarar döwletiň bagtyýarlyk mukamy bolup, kalbymyzy has-da joşa getirýär. Halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, mähir-muhabbetini özünde jemleýän mukaddes ýaşyl Baýdagymyz bu gün asudalygyň baky beýany bolup erkin parlap, halkymyzy buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle-de biziň ýaşyl ýaz deýin owadan Baýdagymyz abraýly halkara guramalarynyň, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky kaşaň binasynyň öňünde hem-de dünýäniň köp sanly döwletlerinde Türkmenistanyň konsulluk edaralarynyň, ilçihanalarynyň binalarynyň öňünde ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, Bitaraplygynyň, parahatçylyksöýüjiliginiň, türkmen bagtyýarlygynyň nyşany bolup erkin pasyrdaýar. Dünýä ýurtlarynda Baýdagymyzyň al-asmanda pasyrdap durmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygyna, Türkmenistanyň halkara abraý-mertebesiniň gün-günden artýandygyna şaýatlyk edýär.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.