Heýkelleriň täsin sungat, paýtagtym!

14 Maý 2021
802

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde özüniň ak mermer binalary, ajaýyp suw çüwdürimleri, ylaýta-da, ençeme seýilgähleriň görküne görk goşýan täsin heýkelleri bilen has görkana keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň çar künjegini bezäp oturan heýkelleriň taryhy köklerine ser salmak, ýaş taryhçy bolamsoň, meniň üçin diýseň ýakymly.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk sungatynyň akabasynyň gözbaşy örän gadymy döwürlerden gaýdýar» diýip nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzyň heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhy öz gözbaşyny has alyslardan alyp gaýdýar.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».