Il saglygy — ýurt baýlygy

10 Maý 2021
1360

Wekilbazar etrap hassahanasyna tejribeli lukman Şamyrat Şyhlyýew ýolbaşçylyk edýär. Hassahanada, ilatyň saglygy ugrunda 13 bölüm hereketde. Hassahananyň ak ýektaýly lukmanlary, şepagat uýalary “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ynsan saglygyny dikeltmekde agzybirlikli işleýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň özleri barada döredýän mümkinçiliklerine yhlasly zähmetleri bilen jogap berýärler.

Lukman Hekimiň kasamyna eýerip işleýän hassahananyň işgärleri Arkadag Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine döredijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu ýerde işine werziş lukmanlaryň birnäçesi bar. Olardan ultrases barlag, otag lukmany Mähri Bazarowanyň, diş lukmany Iner Amangeldiýewiň we beýleki lukmanlaryň halkyň alkyşyna eýe bolýandygyna göz ýetirdik.