Gymmatly hazyna

10 Maý 2021
701

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, adam döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly köpugurly tagallalary il-günümiziň saglykda döredijilikli zähmet çekip, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu bähbitli işler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmek diňe bir öz saglygymyzy goramak bilen çäklenmän, beýleki adamlaryňam, ilkinji nobatda öz ýakynlarymyzyňam saglygyny goramaga ýardam etmekdir. Şonuň üçinem şu günki gün derwaýys meselä öwrülen jogapkärli wezipäniň oňyn çözgüdi bilen bagly netijeli işler etrabymyzda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň “Saglyk — beglik” diýen pähime eýermegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi saglygymyz gymmatly hazynamyzdyr. Gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan saglygymyzy goramak bolsa özümize baglydyr.