Geljekki nesliň aladasynda

10 Maý 2021
789

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda- -da Ýolöten etrabyndaky 46-njy orta mekdepde öz işiniň ussady, göreldeli, işbaşarjaň mugallymlaryň ençemesi işleýär. Olar mekdep müdiri Amangeldi Döwletowyň olara ýolbaşçylyk etmeginde, okuwçylara döwrebap bilim berýärler. Mugallymlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň täzeçe ýollarynyň gözleginde bolýarlar. Şeýle aladalar bilen çagalary gurşap alýan mugallymlaryň biri hem Jeren Çaryýewadyr.