Türkmenistan — saglygyň ýurdy

8 Maý 2021
1110

Şypahana ulgamy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagabat», «Arçman» we «Ýyly suw», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza», Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary raýatlarymyzyň saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda gözel tebigaty hem-de dag howasynyň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan Köýtendagyň çäklerinde hem şypahana gurmak meýilleşdirilýär.

Bu günki gün güneşli Diýarymyzda döwrebap şypahanalarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däp bolan usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy hem howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň ýokary tehnologik üpjünçiligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz talaby bolup durýar. Şypahanalarda Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy, şeýle hem bejermegiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde, fizioterapiýa we suw bilen bejeriş, dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak, öňüni almak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».