Zehinli talyplaryň üstünlikleri

7 Maý 2021
990

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatymyz babatda öňe sürýän beýik başlangyçlary dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda täze innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýaşlara döwrebap ylym, bilim bermek işleri kämilleşdirilýär we netijeli dowam etdirilýär.

2021-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnama we bu Maksatnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, saglygy goraýşy ösdürmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, sagdyn iýmitlenmek, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça degişli Döwlet we milli Maksatnamalaryň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maksatnamalarynyň esasynda işlenip düzüldi.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri.