Ruhubelentlik saglykdan başlanýar

6 Maý 2021
1164

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp senelere – merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna golaýladýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp bellemek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Milli Liderimiz tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.