Sport — saglyk

5 Maý 2021
1254

Sport we bedenterbiýe adamlarda işjeňligi, hereketjeňligi terbiýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine yzygiderli eýermek adamyň ýürek-gan aýlanyş we dem alyş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar. Bedenterbiýe maşklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ynsan bedenini berkidýär, umumy saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Dünýä tejribesine esaslanyp, ýürek, gan basyşynyň ýokarlanmagy, insult, süýji keseli, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýan adamlarda seýrek duş gelýändigi barada netijä gelýärler. Şol sebäpli hem, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy kadalarynyň biridir.

Mametkuli MAMEDOW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap bölüminiň hünärmeni.