«Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýlip bellenilişi ýaly, biziň her birimiz şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, hem özümiziň hem-de daş-töweregimizdäkileriň saglygyny gorap bileris.
Daşardan gelende, nahardan öň hem-de soňra elleri sabynlap ýuwmagy endik edinmelidiris. Daşary çykylanda, agyz-burun örtügini dakynmalydyrys. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak hem arassaçylygy gazanmagyň we saglygy goramagyň esasy şerti bolup durýar. Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmak bilen biz ýokary dem alyş beden agzalarymyzyň nemli bardasynda üýtgeşmeleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýarys.