Ýeňil atletika ýaryşy

29 Aprel 2021
1471

Änew şäherindäki sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Oňa Ak bugdaý etrabyndaky orta mekdepleriň 33-sinden toparlar gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşa çekeleşiklilik häsiýeti mahsus boldy. Onda okuwçy oglanlara ýeňil atletikanyň 100 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek, okuwçy gyzlara 60 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek ýaly görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Mähri GURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.