Milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy

21 Aprel 2021
842

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, nesillere miras galdyran gymmatlyklarynyň hormatyna bagyşlanyp, ýokary derejeli dabaralar, bäsleşikler we maslahatlar Watanymyzyň çar ýanyny gurşap aldy. Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylmagy hem ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimize hem-de wepaly dosty bolan edermen alabaýlarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyşyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, degişli assosiasiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze binanyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti S.Berdimuhamedow çykyş edip, oňa gatnaşanlary ýetip gelýän şanly senelerdir baýramlar bilen gutlady. Mejlisde birnäçe guramaçylyk meselelerine garalyp, degişli kararlar kabul edildi. Şol sanda «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» medalyny döretmek hakynda teklip makullanyldy. Mejlisiň dowamynda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, birnäçe atşynaslara «Türkmenistanyň halk atşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. Şeýle hem ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň işgärleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan hususy itşynaslaryň ençemesi «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp görüldi.

«Watan».