Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

19 Aprel 2021
773

16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serediljekdigini hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiljekdigini belledi.

«Watan».