Aşgabat — sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri

19 Aprel 2021
1124

Günsaýyn gözel keşbe beslenýän paýtagtymyz Aşgabat biziň ata Watanymyzyň häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýan ajaýyp şäherdir. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda hem giň gerimli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän döwründe bolsa şol işler has-da ýaýbaňlandyrylýar.

Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna girýän paýtagtymyz Aşgabat özüniň özboluşly we täsin binagärçilik sungaty bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

«Saglyk».