Göwrelilik döwri bejergi alnanda...

19 Aprel 2021
5979

Eger-de bir ýeriň agyrsa derman içip, ony ýeňilleşdirmek ýagdaýy hemmämize mälimdir. Bedeniň gyzgyny ýokarlansa, gyzgyny düşüriji, kelle agyrsa, agyrsyzlandyryjy ýaly dermanlar içilýär. Ýöne bu ýagdaýlar göwrelilik döwründe derman serişdelerini ulanmakda seresaplylygy talap edýär. Onuň bolsa özüne ýetik sebäpleri bar. Şeýle ýagdaýlaryň nämeden döreýändigi barada durup geçeliň.

lukman bilen maslahatlaşmaly
Dermanlaryň göwredäki çaga ýetirýän zyýanynyň derejesi göwreliligiň haýsy döwründe ulanylýandygyna, mukdaryna, dowamlylygyna we her bir göwreli aýalyň bedeniniň şol dermana bolan duýujylygyna bagly bolýar. Nädogry içilen derman serişdeleri göwredäki çaganyň düşmegine, belli bir beden agzasynyň zeperlenmegine, enäniň özünde käbir keselleriň ýitileşmegine we çaganyň wagtyndan öň dogulmagyna getirip bilýär. Ýöne zenanyň göwreli wagty hökmany kabul etmeli derman serişdeleri bolup biler. «Şeýle ýagdaýda näme etmeli?» diýen sorag ýüze çykýar. Her bir geljekki ene haýsy derman serişdelerini göwredäki çaga we özüne zyýan ýetirmezden içip boljakdygy, haýsylary bolsa düýbünden gadagandygy barada bilmek üçin derman serişdelerini lukmanyň maslahaty esasynda kabul etmeli.

Ýaz­gül ÝA­ZO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 9-njy sag­lyk öýü­niň bö­lüm mü­di­ri.