Haçan ünsli bolmaly?

19 Aprel 2021
1235

Çaga 7-8 aýlykdan 3 ýarym ýaş aralygyndaky döwürde daşky dünýäni işjeň öwrenýär we zatlary diňe seredip görmek bilen çäklenmän, elläp, hatda, dadyp hem görýär. Körpejäni hemme zatlar gyzyklandyrýar. Ilkibaşda ol gözüne ilýän we eli ýetýän zatlara seredişdirýär, dadyp görýär. Kem-kemden emedeklemek we ýöremek endiklerini özleşdirenden soň eliniň ýetmeýän zatlaryny, mysal üçin, stoluň üstündäki, penjiräniň öňündäki, gapyrjakdaky ýa-da bankadaky zatlary aljak bolýar.
Çagalarda barlap görmek endigi tebigy bolýar. Bu endik kiçi çaganyň geljekki tejribesi üçin örän wajypdyr, ýöne daşky gurşawda, çaganyň aňyna gelmejek ýagdaýlar bolup biler. Uly adamlaryň öňünde duran mesele çaganyň bolýan ýerinde kadaly gurşawy döretmek, zyýanly jisimler we maddalar bilen aragatnaşykda bolmagyny aradan aýyrmak bolup durýar.

Nädip kadaly gurşawy döretmeli?

Sülgün BERDIÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.