Kesellerden goranmagyň ygtybarly ýollary

19 Aprel 2021
1126

Bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirmek üçin öňüni alyş çärelerini dogry ýerine ýetirmek zerurdyr. Bu çäreler adam bedeniniň ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy durnuklylygyny, ýagny immunitetini pugtalandyrýar. Bu çäreleri aýratynlykda däl-de, utgaşdyryp toplumlaýyn alyp barmak hökmandyr.

• Agyz-burun örtüklerini dakynmak we kesgitlenen howpsuz araçägi berjaý etmek, ilaty howa-damja ýoly bilen geçýän ýokanç kesellerden, howadaky zyýanly tozan bölejiklerinden goramakda ähmiýeti örän uludyr. Lukmançylyk agyz-burun örtügi kesel döredijileriň we tozan bölejikleriniň bedene düşmegine päsgelçilik döredýär. Bedeni ygtybarly goramak üçin lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dogry dakynmak hem derwaýysdyr. Şeýle-de lukmançylyk agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp dakynmaly däl. Olary ýörite ulanylan agyz- burun örtükleri atylýan gaba salmaly.

Jumadurdy ANNANUROW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.