Bagtyýarlygyň sakasy

18 Aprel 2021
937

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek, berk bedenli we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, şypahanalaryň gurulmagy ynsan saglygyny goramak we berkitmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen şeýle desgalar adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar eden döwletimizde ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.

Saglyk — eşretli durmuşyň, ruhubelentligiň sakasy. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde ata Watanymyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Kümüş MYRADOWA,
Tejen etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri.