Durnukly ösüşiň möhüm ugry

18 Aprel 2021
895

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etjek birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».